Tom Kruz Kann festiwalynyň abraýly «Altyn palma şahasyna» mynasyp boldy

Tom Kruz Kann festiwalynyň abraýly «Altyn palma şahasyna» mynasyp boldy

Amerikaly aktýory Tom Kruz Kann festiwalynyň abraýly «Altyn palma şahasyna» eýe boldy. Bu barada TASS habar berýär.

«Garaşylmadyk sowgat! Tom Kruz «Top Gan: Mewerik» filminiň görkezilişiniň öňüsyrasynda abraýly «Altyn palma şahasyna» mynasyp bolýar» - diýip, kinofestiwalyň Twitterinde aýdylýar.

Festiwalyň prezidenti Pýer Leskur görkeziliş başlanmazynyň öňýany baýragyň berilýändigini yglan etdi — oňa çenli 15 töweregi abraýly palma şahasy gowşurylypdy. Dürli ýyllarda kinematografiýada bitiren görnükli hyzmatlary üçin bu baýraga Jodi Foster, Žanna Moro, Jeýn Fonda, Žan-Pol Belmondo, Bernardo Bertoluççi, Alen Delon dagy mynasyp bolupdylar.
Kruz Kannyň baş baýragyny alanda, tomaşaçylar ony elçarpyşmalar bilen gutladylar. Kruzyň festiwalda bolmanyna eýýäm otuz ýyl bolupdy.
Režissýor Jozef Kosinski bilen prodýusser Jerri Brukhaýmeriň «Top Gan: Mewerik»-i — birwagtlar ýaş Tom Kruzyň karýerasyna badalga beren «Top Gan» atly uly kinohitiň dowamy. Film koronawirus pandemiýasy sebäpli iki ýyl goýbolsun edilipdi.
17-28-nji maý aralygynda Fransiýada 75-nji Kann kinofestiwaly geçýär.