Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Russiýanyň ykdysady ösüş ministri bilen duşuşdy

  • 20.05.2022 08:25
  • 7.4k+

19-njy maýda “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşygy boldy. Şeýle hem duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Tatarystanyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew, Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hakyky dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklar amala aşyrylýar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köptaraply hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň dowam etdirilýär. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy bellenildi. Türkmen-rus hyzmatdaşlygy nebitgaz we gazhimiýa ulgamlarynda, awtomobil senagatynda, gämi gurluşygynda, söwdada we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bar bolan uly kuwwatdan has doly peýdalanmaga aýratyn üns berildi.


düýn 14:28
3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

15-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň......

13.04.2026 11:59
9.8k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady

Awstriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşyk geçirdi....

13.04.2026 00:13
4.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....

12.04.2026 22:56
2.7k+

Türkmenistan we UNIDO «ýaşyl» senagat geçişiniň taslamalaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda UNIDO-nyň Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy diýip, TDH agentligi habar berýär....