«Awaza» gitmegi onlaýn resmileşdirmek boýunça gözükdirme

  • 16.05.2022 18:55
  • 41k+

15-nji maýda Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda resmi taýdan  tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Syýahata ugramak üçin  dynç almak isleýänleriň birnäçe kadalary, şol sanda onlaýn proseduralary berjaý etmekleri zerur. TmCars.info saýtymyz ORIENT salgylanyp, düzgünleri dykgatyňyza ýetirýär. 

Bellik: Awaza gitmegi  resmileşdirmegiň düzgünleriniň üýtgemegi mümkin. Şeýle bolan ýagdaýynda şu habara üýtgeşmeler giriziler. Gözükdirme 2022-nji ýylyň 14-nji maýyna degişlidir.

Zerur resminamalar
Awaza dynç alşa gitmek üçin şu aşakdakylaryň elektron nusgalaryny görkezmeli:

  • pasport
  • syýahatçylyk ýollanmasy
  • COVID-19-a garşy sanjym alnandygy baradaky güwänama.

Awaza syýahatçylyk ýollanmasyny kärdeşler arkalaşygynyň degişli bölümine ýüz tutup, iş ýeriňden we syýahatçylyk agentlikleriniň üsti bilen alyp bolýar.
COVID-19-a garşy sanjym alnandygy hakyndaky güwänama sanjym alan saglygy goraýyş edaraňyzda berilýär. 

Myhmanhanadan ýer bronlamak
Awaza.gov.tm onlaýn saýtynda Awazanyň myhmanhanalarynyň islendiginden ýer bellemek bolar. Munuň üçin:

  • saýtda telefon belgiňi we elektron poçtaňy görkezip, bellige aldyrmaly;
  • saýtyň baş sahypasynda soramak arkaly gerekli myhmanhanany tapmaly;
  • özüňiz hakyndaky we myhmanhana ýerleşmek isleýän wagtyňyz baradaky maglumatlary görkezmeli.

Şeýle-de, Awazanyň käbir myhmanhanalaryndan ýeri myhmanhananyň gönüden-göni öz saýtyna girmek arkaly hem bronlap bolar, mysal üçin — «Bagtyýar» myhmanhanasyndan.

Elektron rugsatnamany resmileşdirmek
Awaza gitmek üçin Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň saýtynda elektron rugsatnamany resmileşdirmeli. Munuň üçin:

  • şu salga girmeli,
  • «Şahsy maglumaty giriz+» diýen ýazgyly ýaşyl düwmä basyp, özüňiz baradaky maglumatlary giriziň,
  • dynç aljak myhmanhanaňyz baradaky maglumaty we dynç aljak senäňizi giriziň, şondan soň «Awazada dynç almaga rugsatnama resmileşdirmek üçin  sargyt bermek» diýen düwmäni basmaly.
  • hasaba durup, «şahsy otaga» giriň,

Migrasiýa gullugy siziň beren maglumatlaryňyzy seljerer we şahsy otagyňyza elektron rugsatnamany ýollar we bu barada bellige aldyraňyzda görkezen telefon belgiňize SMS ugradyp, sizi habarly eder.

Uçara petek satyn almak

Uçar petegini «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtyndan we Android hem iOS üçin mobil goşundydan, ýa bolmasa Google Play-de we App Store-de elýeter bolan Saraý mobil goşundysyndan satyn alyp bolar.


düýn 21:03
4.4k+

Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy

Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy....

25.04.2026 12:45
3.7k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......

24.04.2026 10:18
5.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady

Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş......

23.04.2026 18:16
8.1k+

Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi

Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder....