Hepdelik howa maglumaty: Türkmenistanda üýtgäp durýan howa bolar

Hepdelik howa maglumaty: Türkmenistanda üýtgäp durýan howa bolar

Öňümizdäki hepdäniň birinji ýarymynda yssy howanyň bolmagyna garaşylýar, dynç günleri bolsa howanyň derejesi biraz peseler. Käbir sebitlerde az-kem ýagyn ýagmagyna garaşylýar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni temperatura +33 derejä çenli gyzar. Sişenbe güni termometriň sütünjigi +28 derejä düşer, çarşenbe güni bolsa +24 derejä çenli peseler. Penşenbe güni temperatura ýene +27 derejä galar, 0,6 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin.
Anna güni paýtagtyň we Ahal sebitiniň ýaşaýjylaryna +32 dereje yssyny getirer. Dynç günleri temperatura ýene aşak düşüp, şenbe güni +27 we ýekşenbe güni +25 dereje bolar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar.

Balkan welaýatynda hepdäniň birinji güni howa +34 dereje bolar, ýöne sişenbe güni eýýäm termometriň sütünjigi +27 derejä düşmeli we 0,8 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin. Çarşenbe güni temperatura +27 derejä düşer we 1,4 mm-e çenli ygalyň düşmegine garaşylýar.
Penşenbe güni howa +31 derejä çenli gyzar, anna güni bolsa +33 derejä ýeter. Dynç günleri, ýagny şenbe güni howa birden  +24 derejä çenli peseler we ýekşenbe güni +26 dereje bolar. 

Daşoguz welaýatynda howa maglumaty gullugy duşenbe güni howa +33 dereje bolar diýip çaklaýar. Sişenbede tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemal öwser, temperatura bolsa +28 derejä çenli peseler. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +27 derejäni görkezer, az-kem ýagyn ýagmagy mümkin.
Penşenbe güni howanyň +28 derejä çenli gyzmagy mümkin. Anna güni temperaturanyň gyzgynlygy +31 derejä ýeter. Dynç günleri howa birden salkynlap, şenbede +26 dereje we ýekşenbede +22 dereje bolar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. 

Mary welaýatynda duşenbede howa +34 derejä çenli, sişenbe güni bolsa  +36 derejä çenli gyzar. Çarşenbe güni temperaturanyň +32 derejä çenli peselmegi mümkin. Howa maglumaty gullugy penşenbe güni 2 mm-e çenli ygal düşer we temperatura +30 dereje töweregi bolar diýip çaklaýar.  
Anna güni termometriň sütünjigi +32 derejäni görkezer. Şenbe güni temperaturanyň aňrybaş derejesi +34-e ýeter, emma ýekşenbede ol aşaklap, +26-a düşer.

Lebap welaýatynda duşenbe güni özi bilen sebitiň ýaşaýjylaryna +33 derejedäki temperaturany getirer. Sişenbede howanyň +35 derejä çenli gyzmagy mümkin. Howa maglumaty gullugy çarşenbe güni temperatura +32-ä çenli aşaklar diýip çaklaýarlar. Penşenbede temperatura +30 derejä çenli aşaklar.
Anna güni termometriň sütünjigi +32 derejä,  şenbede bolsa +34 derejä çenli  galar diýip garaşylýar.  Ýekşenbe güni howa birden salkynlap, temperaturasynyň +26 derejä düşmegine garaşylýar.