Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

  • 14.05.2022 09:25
  • 25k+

13-nji maýda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Täjigistana iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bu duşuşyga gatnaşdy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Nobatdaky gepleşikleriň barşynda 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksatlaryna laýyklykda, Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň taslamasy babatynda pikirler alyşyldy. Çünki bu resminama sebitiň gadymdan däp bolan ýakyn gatnaşyklara eýe bolan ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen bolup durýandyr.
Gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça özara kabul ederlik çözgütler kabul edildi.


düýn 22:17
960

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......