Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi

  • 14.05.2022 08:53
  • 18k+

13-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogynyň umumy mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa umumy mejlisi açyp, şu ýyl dialoga türkmen tarapynyň başlyklyk edýändigini aýtdy. Ol 2020-nji ýylyň dekabrynda döredilen dialogyň pikir we tejribe, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, jemgyýetiň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşyna gatnaşmagynyň derejesini ýokarlandyrmak işinde iň oňat dünýä tejribesini alyşmak üçin netijeli çärä öwrülýändigini belledi.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, GDA ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko gutlag sözi bilen çykyş edip, Aşgabatda geçirilýän ähmiýetli çärelere gatnaşmaga rus wekiliýetiniň çagyrylandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.
Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ýakynda geçirilen Parlamentara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi. Onuň sözlerine görä, Sekretariatyny Aşgabatda ýerleşdirmek bilen bu çärä yzygiderli häsiýet bermek baradaky başlangyç goldanyldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Aşgabatda şu çäräni geçirmek başlangyjy we döredilen şertler üçin Serdar Berdimuhamedowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Forumyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, umumy mejlis geçirilip, onuň barşynda sebitiň ýurtlarynda gender deňligini ilerletmek meselelerine hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki meýilnamalaryna garaldy.
Duşuşyga gatnaşyjy zenanlar dürli ählumumy hem-de Merkezi Aziýa toparlarynyň we Russiýanyň sebit guramalarynyňdyr birleşmeleriniň tejribesi bilen tanyşdylar.
Plenar mejlisiň dowamynda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mejlisiniň durmuş-medeni ösüşi boýunça komitetiniň başlygy Jamila Nurmanbetowa, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragynyň orunbasary Jamilýa Isaýewa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Galina Karelowa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalanyň işleri boýunça komitetiň başlygy Hilolbi Kurbanzoda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň hem-de Russiýanyň milli tejribesi, wekilçilik edýän ýurtlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, kanunçylyk we institusion esaslary kemala getirmek hem-de pugtalandyrmak arkaly gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrdylar.
Forumyň netijeleri boýunça Jarnama kabul edildi.
Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezine bardylar. Olar bu ýerde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy hem-de medeni mirasyny gorap saklaýan zenanlaryň ussatlygyny we ukyplaryny, olaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryndaky eýeleýän orunlaryny hem-de ýeten sepgitlerini beýan edýän giň möçberli sergi bilen tanyşdylar.
Türkmenistanda zenanlaryň dialogyny geçirmek tejribesiniň bardygyny ýatlamak ýerliklidir. 2021-nji ýylyň awgust aýynda şeýle forumyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebit görnüşi geçirilipdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......