Alymlar: sagdyn bolmak üçin uly ýaşdaky adamlar 7 sagat uklamaly

  • 08.05.2022 19:04
  • 20k+

Hytaýdan we Beýik Britaniýadan ylmy hünärmenler derňew geçirip, orta we uly ýaşdaky adamlar üçin iň amatly uky dowamlylygyny anykladylar. Bu bir gije-gündiziň dowamynda ýedi sagatdyr. Ukynyň ýetmezçiligi hem-de “aşa köp ýatmak” adamyň saglygy üçin deň derejede zyýanly bolup, psihikanyň bozulmagyna sebäp bolup bilýär. Alymlaryň işi barada Britaniýanyň “The Guardian” neşiri habar berdi.

Kembrijde we Fudan uniwersitetinde işleýän hünärmenler 500 müň töweregi adamyň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar bazasyny deňeşdirip, uly göwrümli iş geçirdiler. Şeýlelikde, bir gije-gündiziň dowamynda ýedi sagatlyk uky 38 ýaşdan 73 ýaşa çenli adamlar üçin iň gowy wariant boldy. Ondan az ýa-da köp uky beýniniň kadaly işini bozup biler.
Alymlar öz işlerinde ukynyň kelle beýnisiniň her bir bölegine edýän täsirine baha bermek üçin Britaniýanyň biobankynyň maglumatlaryny ulandylar. Ukynyň ýetmezçiligi, esasan, adam ýady bilen baglanyşykly gippokampyň töweregine täsirini ýetirýär. Günde ýedi sagatdan az ýatýan adamlar kognitiw synaglardan ýaramaz baş alyp çykdylar.
Hünärmenler iş günleri 5-6 sagat uky bilen dynç günleri köp ýatmak endigini gezekleşdirmän, bir gije-gündiziň dowamynda durnukly 7 sagat ýatmagy maslahat berýärler. 


düýn 08:18
2.3k+

Bedende süýjüni kadalaşdyrmagyň täze mehanizmi diabeti bejermäge çemeleşmäni üýtgedýär

Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar....

29.04.2026 15:42
1.1k+

Alymlar autizmiň netijelerindäki gapma-garşylyklaryň sebäbini anykladylar

Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze......

26.04.2026 16:11
3.9k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....

20.04.2026 16:07
9.5k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......