Milli ýygyndylarymyzy 2024-nji ýylyň Pariž Olimpiadasyna taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi

  • 29.04.2022 05:01
  • 6.3k+

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-nji aprelde gol çekdi.

Resminamanyň maksady “2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň hem-de olaryň gatnaşmagynyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmekden ybaratdyr.


düýn 14:19
3.8k+

15 ýaşly türkmenistanly dzýudoçy Almatyda kadetleriň arasynda Aziýa Kubogynda bürünç medal aldy

15 ýaşly Käkilik Derýaýewa kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy. Bu halkara ýaryş Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýär. Türkmenistanly türgen 48 kilogram agram derejesinde çykyş etdi...

düýn 12:11
4.9k+

Aýdogdy Atabaýew IBCA küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy

FIDЕ-niň ussatlygyna dalaşgär Aýdogdy Atabaýew Görüş ukyby pes küştçüleriň arasynda Bütindünýä küşt olimpiadasynda medal gazanan ilkinji türkmenistanly küştçi boldy. Ol Serbiýanyň Wrnýaçka-Banýa şäherinde geçirilen 17-nji Olimpiadada bürünç medal gazandy...

01.07.2025 18:26
3.7k+

«Lion» FK 1-nji Ligadan düşürilensoň prezidentini üýtgetdi

Geçen hepde «Lion» futbol kluby maliýe kynçylyklary sebäpli, Fransiýanyň 1-nji Ligasyndan ikinji diwiziona düşürildi. L'Équipe gazetiniň maglumatlaryna görä, klubuň bergisi 175 mln ýewro barabar. Klubuň düşürilmegi baradaky karary Milli administratiw gözegçilik departamenti (DNCG) kabul etdi...

30.06.2025 19:16
10k+

Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew «Stawropol ülkesiniň gubernatorynyň kubogy» atly bilýard boýunça halkara Dünýä kubogy ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, erkekleriň arasynda bürünç medal gazandy. Ýaryş 23-30-njy iýun aralygynda Stawropolda geçirildi...