Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy

  • 28.04.2022 08:18
  • 10k+

Toyota konserni 2021-nji ýylyň jemi boýunça iň iri awtoulag öndüriji boldy: ýaponlar, umumylykda aýdaňda, 10,49 mln ulag satmagyň hötdesinden geldiler (konserne girýän ähli brendler  göz öňünde tutulýar) diýip, EY & Assoies-iň hasabatynda aýdylýar. Elektron bölekler bilen bagly kynçylyklara garamazdan, bu netije 2020-nji ýyla garaňda has oňatdyr.

Ikinji ýeri nemesleriň Volkswagen-i eýeleýär - 8,3 mln ulag, bu 2020-nji ýyla garaňda 7% pesdir. Üçünji ýerde General Motors konserni durýar, ol 6,29 mln ulag satdy (-8%).
Şeýle hem dünýäniň iň iri ulag öndürijileriniň top-5-ligine Stellantis (5,29 mln, +4%) we Honda (4,12 mln, -6%) konsernleri girdi.
Munuň üstesine, Günbatar Ýewropanyň bazarynda Volkswagen öňdeligi saklaýar (2,61 mln ulag, -3%), Ikinji ýerde Fiat, Citroen, Peugeot, Jeep ýaly ulag kysymlaryny özüne birikdirýän Stellantis barýar (2,23 mln ulag, - 1%). Soňra Renault durýar (0,96 mln ulag, -10%).
Emma düşewünt babatynda aýtmaly bolsa, onda Toyota Volkswagen konserninden asgyn gelýär. Şeýlelikde, 2021-nji ýylda nemesleriň girdejisi 250 mlrd ýewro möçberinde bolan bolsa, Toyota 238 mlrd ýewro möçberinde girdeji aldy. Üçünji ýerde Stellantis konserni gelýär - 149 mlrd ýewro.


düýn 21:54
1.5k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......