10 ýylda dargaýan biologiki plastigi işlenip taýýarlanyldy

  • 26.04.2022 15:43
  • 7.9k+

"Russiýa - mümkinçilikleriň ýurdy" platformasynyň metbugat gullugynda "Russiýanyň Liderleri" bäsleşiginiň ýeňijileriniň biriniň 7-10 ýylyň dowamynda zyýansyz biomassa öwrülip dargajak biologiki plastigi öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlandygyny mälim etdiler. Bu barada ТАSS habar berýär. 

Zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça ygtyýarlyklaryň federal merkeziniň taslamalarynyň ýolbaşçysy Alekseý Wetluginiň sözlerine görä,  taslamanyň esasy wezipesi çalt dargaýan materialyň düzümini gözlemek we almak bilen, onuň adaty plastige garanda tebigy ýol bilen amala aşmagyny gazanmak bolup durýardy.

"Mysal üçin, biziň bioplastigimizden edilen kanistra 7-10 ýyldan soň öz-özünden daş-töwerege zyýansyz biomassa öwrüler" - diýip, Wetlugin nygtady.

Çap edilen materialda onuň oýlap tapyşa patent almagy  we mundan beýläk hem Russiýa Federasiýasynda biologiki plastik öndürmegi meýilleşdirýändigi bellenýär.


11.09.2025 19:53
6.4k+

“Jeýms Uebb” teleskopy ýaşamak üçin şertleri bolup biljek planetany tapdy

TRAPPIST-1 ýyldyz ulgamyna girýän TRAPPIST-1e ekzoplanetasynda ýaşaýyş üçin laýyk gelýän şertler bolup biler. Bu barada “Jeýms Uebb” kosmos teleskopyndan alnan täze maglumatlara salgylanyp, NewScientist neşiri habar berýär...

08.09.2025 13:16
3.2k+

Fizikler buzy epip, elektrik energiýasyny aldylar

Alymlar suw buzy epilende elektrik togunyň çykýandygyny ýüze çykardylar. Fleksoelektrik täsiri diýlip atlandyrylýan bu hadysa dürli temperaturalarda syn edildi. Bu açyş çabga bulutlarynda ýyldyrymyň nähili emele gelýändigine has gowy düşünmäge kömek edýär...

07.09.2025 18:54
5.2k+

Gadymy ýantar daşynda “şahly” garynjalaryň täze görnüşi tapyldy

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň alymlary Baltika ýantarynda garynjanyň, takmynan, 37 million ýyl ozal ýaşap geçen näbelli görnüşini tapdylar. Nusga Kaliningrad oblastynyň çäginde tapyldy we ol ganatly ene garynjadyr diýip, TechInsider habar berýär...

06.09.2025 17:40
3.6k+

Fizikler Älemiň geljegini çaklamak üçin matematiki enjam döretdi

Moskwanyň fiziki-tehniki institutyndan (MFTI) rus fizik-teoretikleri Älemimiziň geljegini çaklamak üçin täze matematiki gural döretdi. Ol kosmos masştabynda kwant meýdanlarynyň özüni nähili alyp barýandygyny beýan edýär we Äleme giňelmek şertlerinde nämäniň garaşýandygyna düşünmäge kömek eder...