10 ýylda dargaýan biologiki plastigi işlenip taýýarlanyldy

  • 26.04.2022 15:43
  • 8.3k+

"Russiýa - mümkinçilikleriň ýurdy" platformasynyň metbugat gullugynda "Russiýanyň Liderleri" bäsleşiginiň ýeňijileriniň biriniň 7-10 ýylyň dowamynda zyýansyz biomassa öwrülip dargajak biologiki plastigi öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlandygyny mälim etdiler. Bu barada ТАSS habar berýär. 

Zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça ygtyýarlyklaryň federal merkeziniň taslamalarynyň ýolbaşçysy Alekseý Wetluginiň sözlerine görä,  taslamanyň esasy wezipesi çalt dargaýan materialyň düzümini gözlemek we almak bilen, onuň adaty plastige garanda tebigy ýol bilen amala aşmagyny gazanmak bolup durýardy.

"Mysal üçin, biziň bioplastigimizden edilen kanistra 7-10 ýyldan soň öz-özünden daş-töwerege zyýansyz biomassa öwrüler" - diýip, Wetlugin nygtady.

Çap edilen materialda onuň oýlap tapyşa patent almagy  we mundan beýläk hem Russiýa Federasiýasynda biologiki plastik öndürmegi meýilleşdirýändigi bellenýär.


düýn 19:55
2.7k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

düýn 18:07
3.6k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 12:47
5.6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
7.6k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....