Aşgabatda çagalykdan galýan kesellere garşy merkez dörediler

  • 17.04.2022 14:51
  • 9.6k+

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde somatiki (çagalykdan galýan) kesellere garşy merkez dörediler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň açylmagy mynasybetli geçiren maslahatynda aýtdy.  

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, eger-de sagdyn ene bolmasa, onda sagdyn perzent bolmaýar. Şu nukdaýnazardan, çagalaryň berk bedenli, sagdyn bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde somatiki (çagalykdan galýan) kesellere garşy merkezi döretmegiň zerurdygyny nygtap, bu merkeziň paýtagtymyzdaky Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň ýanyndaky boş ýerde gurulsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


05.12.2025 17:46
4.1k+

Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar

Germaniýanyň Geýdelberg uniwersitet klinikasynyň professory Arianeb Mehrabi türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Dünýä belli klinikanyň lukmany Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi we ol ýerde böwregi transplantasiýa edilen näsaglary lukmançylyk barlagyndan geçirdi...

04.12.2025 16:16
6.5k+

Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi

1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi...

26.11.2025 12:04
7.9k+

Lancet: Aşa işlenen önümler adamyň ähli organlaryna diýen ýaly zyýan berýär

"Lancet" lukmançylyk žurnalynda çap edilen birnäçe biologik gözlegler aşa işlenip taýýarlanan iýmitleriň adamyň ähli organlaryna diýen ýaly ýaramaz täsir edip bilýändigini we ikinji görnüşli süýji keseli we beýleki keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezdi...

23.11.2025 20:23
5.7k+

Alymlar süňkleriň öz-özüni dikeltmegine kömek etmegiň ýoluny tapdylar

Alymlar köp ýyllardan bäri süňk dykyzlygynyň peselýän we döwülme howpuny ýokarlandyrýan kesel bolan – osteoporoz keselini öwrenýärler. Häzirki dermanlar süňk dokumasynyň ýumrulmagyny haýalladýar ýa-da gysga wagtlyk onuň ösüşini höweslendirýär, emma käbirleri ýaramaz täsirleri döredýär...