Alymlar Ýer togalagynyň iki polýusynda-da adatdan daşary maýlamany bellige aldylar

Alymlar Ýer togalagynyň iki polýusynda-da adatdan daşary maýlamany bellige aldylar

ABŞ-nyň Gar we buz boýunça milli maglumatlar  merkeziniň alymlary Ýer togalagynyň iki polýusynda-da deňine  adatdan daşary maýlamanyň bardygyny anykladylar. Bu barada 19-njy martda  Associated Press agentligi habar berdi. 

Ekstremal howa şertleriniň trekerlerine salgylanýan bu neşiriň maglumatlaryna görä, Antarktidada "Konkordiýa" franko-italýan stansiýasynda (3234 m) ortaça temperatura kadadan Selsiýa boýunça 40 dereje ýokarlandy we - 12,2 dereje boldy. Şol bir wagtda ondanam beýikdäki "Wostok" rus stansiýasynda temperatura kadadan 15 dereje ýokarlanyp, - 17,7 belginiň deňinde togtady. 

Hünärmenleriň pikirine görä, bu hadysa adatdan daşarydyr. Güýz möwsümi başlanmaly Antarktidada geçýän maýlamanyň fonunda temperaturanyň ýokarlanýandygy Arktikada-da bellige alyndy ahyry.

 Esasanam, Demirgazyk polýusda howa kadadan  30 dereje agdyk gyzýar.   

"Polýuslarda häzir ýylyň dürli pasyllary. Demirgazyk we Günorta polýuslar birwagtda eremeli däldirler. Bu gürrüňsiz üýtgeşik ýagdaýdyr" - diýip, anna güni barlag geçiriji Uolt Meýer Associated Press agenligine aýtdy.

Alymyň çaklaýşyna görä, sebite Ýuwaş ummanyndan gelen ýyly atmosfera akymynyň täsir eden bolmagy mümkin. Şol bir wagtda, şeýle üýtgeşmeler mundan bu ýana hem bellige alynsa, bu biynjalyk bolmaga sebäp döreder diýip, ekspert hasaplaýar