Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişi başlandy

  • 24.03.2022 10:12
  • 6k+

Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 30-njy martda ekişe başlarlar.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. Geçen ýyl eziz Diýarymyzyň hasyl ussatlary Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Şu ýyl ýurdumyzda gowaça ekmek üçin 580 müň gektar meýdan taýýarlanylyp, 1 million 250 müň tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilýär. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine hususy önüm öndürijiler hem gatnaşar, olara oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer bölünip berildi.

Möwsümiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” hem-de Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç” daýhan birleşiklerinde ýörite okuw maslahatlary geçirildi.


düýn 20:14
805

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.4k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......