24-25-nji martda Türkmenistanda şemalyň güýjemegine garaşylýar

  • 23.03.2022 23:01
  • 21k+

24-25-nji martda Türkmenistanyň birentek sebitlerinde şemalyň güýjemegine garaşylýar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Şonuň bilen bagly howa tozanly bolup, çaňjaryp durar.  

Aşgabatda we Ahal welaýatynda penşenbeden anna gününe geçilen gije şemalyň tizligi sekuntda 16 metre ýeter. Gündiz howa +19 derejä çenli gyzar.

Balkan welaýatynda penşenbe güni agşam güýçli şemal turar. Onuň tizligi sekuntda 16 metre ýeter. Anna güni agşam güýjän ýeliň tizligi sekuntda 15 metre ýeter. Şol günler sebitde howanyň gyzgynlygy +16 - +13 dereje bolar.

Daşoguzda güýçli ýel anna güni irden öwsüp başlar diýip howa maglumaty gullugy çaklaýar. Onuň aňrybaş tizligi sekuntda 18 metre ýeter. Şenbe güni günortanlar hem şemal güýçli bolar diýip çaklanylýar.

Mary welaýatynda anna güni ir ertirden giç agşama çenli güýçli ýel öwser. Onuň tizligi sekuntda 17 metre ýeter. Gündiz howa +33 derejä çenli gyzar.  

Lebap welaýatynda anna güni günortanlar şemal güýçlenip başlar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Şemalyň tizligi sekuntda 18 metre ýeter. Gündiz howanyň gyzgynlygy +29 derejä ýeter.


08.12.2024 11:58
5.6k+

«Paýhas» bilim merkezi gyşky okuwlaryna 30% arzanlaşyk bilen ýazylmaga çagyrýar

9-njy dekabrda Aşgabatdaky "Paýhas" bilim merkezinde gyş möwsüminiň okuwlary başlanýar. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin iňlis, rus we nemes dilleri, şeýle hem mental arifmetikasy, matematika we kompýuter...

02.12.2024 10:16
15k+

Aşgabatda we welaýatlarda şu hepde garaşylýan howa maglumaty (02.12–08.12)

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny...

12.11.2024 14:10
110k+

“Bedew Elektronika” her hepde harytlaryň bir toparyna arzanlaşyk geçirýär: telewizorlar, kir maşynlary, peçler...

Hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan hödürleýän “Bedew Elektronika” dükanynda her hepdede harytlaryň bir toparyna arzanlaşyk geçirýär. Bir hepde telewizorlara arzanlaşyk geçirilse, indiki hepde...

06.11.2024 14:58
45k+

Aşgabatdaky «Awtomobil ulag hyzmaty» kiçi awtobus we ýeňil taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti kiçi göwrümli awtobuslaryň hem-de ýeňil taksi awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar. Hususan-da, "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik...