Awstriýada inflýasiýa 1984-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

  • 22.03.2022 12:32
  • 4.3k+

2022-nji ýylyň fewral aýynda Awstriýada inflýasiýanyň derejesi 5,9%-e çenli ýokarlanyp, 1984-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada Awstriýanyň Statistik Austria federal statistika edarasy habar berdi.

“2022-nji ýylyň fewral aýynda Awstriýada inflýasiýa 5,9% bolup, 1984-nji ýylyň awgust aýyndan bäri iň ýokary görkezijä ýetdi. Şol wagt inflýasiýanyň derejesi 6% bolupdy. Muňa ýangyjyň we elektrik energiýasynyň bahalarynyň ýokarlanmagy täsir etdi. Bu ugurda bahalar ýokarlanmadyk bolsa, inflýasiýanyň derejesi 3,8%-e deň bolardy” – diýlip, statistika edarasynyň baş direktory Tobias Tomasyň beýannamasynda aýdylýar.

TASS-yň habarçysynyň syn etmegine görä, Awstriýada awtomobiller üçin ýangyjyň bahasy fewral aýynyň ahyryndan mart aýynyň ortalaryna çenli ortaça 50 sent ýokarlandy we häzirki wagtda ýangyç guýujy stansiýalarda 2 ýewrodan gowrak. Benziniň adaty bahasy 2022-nji ýylyň fewral aýyna çenli, takmynan, 1,3 ýewrodan geçmedi.


düýn 23:42
253

Raşid Meredow Awstriýanyň federal ministri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi...

16.01.2026 22:34
2.2k+

Wenada Türki döwletleriň guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde türkmen medeniýetiniň sergisi geçirildi

Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň ýyly» şygary astynda geçmegi mynasybetli medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen gurallady...

17.12.2025 12:28
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-nde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

15-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler...

11.12.2025 10:16
4.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär...