Açyk kortlardaky ýeňişleri boýunça Nadal Federeriň rekordyny täzeledi.

  • 21.03.2022 18:24
  • 4k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal açyk kortlardaky oýunlarda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça täze rekord goýdy.

Ispaniýaly türgen Indian-Uellsde (ABŞ) geçen turniriň ýarymfinalynda öz watandaşy Karlos Alkarasy ýeňdi (6:4, 4:6, 6:3). Bu  Nadal üçin açyk kortlarda 954-nji ýeňiş boldy.
Öňki rekord şweýsariýaly Rojer Federere degişlidi, ol 2021-nji ýylyň iýulyndan bäri çykyş edenok. Indian-Uellsdäki turniriň finalynda Nadal amerikaly Teýlor Frits bilen duşuşar.


26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....