Türkmenistanda iri halkara çäreleriň 3-sini geçirmäge taýýarlyk görülýär

  • 05.03.2022 09:12
  • 13k+

2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda iri halkara çäreleriň birnäçesi geçiriler. Olara taýýarlyk işleri barada Hökümetiň 4-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Hususan-da, şu ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlygyň dowam edýändigi habar berildi. Şol çäreleriň hatarynda:

  • Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň VI sammiti,
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy,
  • BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty bar.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany täze saýlanan Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda meýilleşdirilýän halkara çäreleriň sanawyny düzmegi hem-de ony seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy.


düýn 23:23
752

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

30.04.2026 16:17
3.5k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....