Roman Abramowiç “Çelsi” futbol klubuny satar

  • 03.03.2022 16:42
  • 10k+

Londonyň “Çelsi” futbol klubunyň eýesi Roman Abramowiç kluby satmak kararyna geldi. Bu barada “Çelsiniň” metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

“Men hemişe klubuň bähbitlerini göz öňünde tutup karara geldim. Häzirki ýagdaýda-da men kluby satmak pikirini has dogry hasaplaýaryn, bu klubuň janköýerleri, işgärleri, hemaýatkärleri we hyzmatdaşlary üçinem gowy bolar. Biler bolsaňyz, “Çelsi” bilen şeýle ýagdaýda aýrylyşmak baradaky netijä gelmek maňa diýseň kyn düşdi” – diýip, Abramowiç aýtdy.

“Men soňky gezek “Stemford Brije” baryp, ähliňiz bilen hoşlaşyp bilerin diýip umyt edýärin. “Çelsiniň” bir bölegi bolmak uly artykmaçlyk boldy we men bilelikde gazanan üstünliklerimize buýsanýaryn. “Çelsi” we onuň janköýerleri elmydama meniň ýüregimde bolar” – diýip, Abramowiç sözüniň üstüni ýetirdi.

Abramowiç “Çelsini” öňki eýesi Ken Beýtsden 2003-nji ýylda, takmynan, 140 mln funt sterlinge (şol wagtky hümmet boýunça takmynan, $233 mln) satyn aldy. 
Abramowiçiň ýolbaşçylyk eden döwründe “Çelsi” bäş gezek Angliýanyň çempiony, bäş gezek Angliýanyň Kubogynyň, üç gezek Angliýanyň ligasynyň kubogynyň we iki gezek ýurduň Super kubogynyň eýesi, iki gezek Çempionlar ligasynyň (2012, 2021) we Ýewropa ligasynyň (2013, 2019) ýeňijisi boldy. 2021-nji ýylda topar UEFA-nyň Super kubogynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.


şu gün 17:32
1.7k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

şu gün 12:06
5.1k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

düýn 19:46
7.5k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
5.3k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....