Brent nebitiniň bahasy 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek barreline 95 dollardan geçdi

Brent nebitiniň bahasy 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek barreline 95 dollardan geçdi

2022-nji ýylyň aprel aýyndaky üpjünçilik bilen Brent söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy Londonyň ICE biržasynda 4,29 göterim ýokarlanyp, barreline 95,33 dollara ýetdi. Muny söwda meýdançasynyň maglumatlary delillendirýär.

11-nji fewrala çenli ýagdaýa görä, Brent-iň bahasy 4%, ýagny bir barrele 95,06 dollara çenli ýokarlandy. Soňky gezek Brent-iň bahasy 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda bir barrel üçin 95 dollardan geçipdi.
2022-nji ýylyň mart aýyndaky üpjünçilik bilen WTI söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy 5,01% ýokarlanyp, bir barrel üçin 94,38 dollara ýetdi diýip, söwda maglumatlary delillendirýär.