Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at dakdy

  • 18.01.2022 23:08
  • 15k+

 18-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyklar bilen tanyşmak maksadynda, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumyna baryp, täze ýylyň ilkinji günlerinde doglan täze taýy gördi.  

Bu ýerde türkmen Liderini atşynas Orazmyrat Annalyýew garşylady. Söhbetdeşlikde döwlet Baştutany onuň hal-ýagdaýy, alyp barýan işleri hem-de atlaryň nesil ugurlary bilen gyzyklandy. Atşynas täze taýçanaga at dakyp bermegi haýyş edeninde, türkmen Lideri 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýändigini göz öňünde tutup, taýa Zaman diýip at goýdy we käbesi Oglabat ejäniň alajasyny dakdy.  
Döwlet Baştutany täze ýylyň ilkinji günlerinde täze taýyň dünýä inmeginiň buşluk getirendigini aýdyp, milli seýisçilik sungatyny ösdürmäge, atlaryň tohum arassalygyny saklamaga mundan beýläk-de üns beriljekdigini nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Zaman atly täze doglan taýçanak Gözbaş we Keýkilhan atly atlaryň neslinden bolup, meşhur Pereňiň ugruna degişlidir.


şu gün 00:48
502

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň assosiasiýasyna kabul edildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň resmi taýdan täze agzalygyna saýlandy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär...

düýn 12:29
4.4k+

Türkmen alabaýynyň keşbini şekillendirmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralaryň barşynda alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi...

düýn 11:47
13k+

Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanan Wepaly atly alabaý itiniň eýesine Toyota Camry V6 berildi

2025-nji ýylda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Bäsleşigiň netijeleri 26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde yglan edildi...

24.10.2025 11:22
5.3k+

Türkmenistanda Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy belleniler

Noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara guralar. Bu barada 23-nji oktýabrda wise-premýer B...