Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at dakdy

  • 18.01.2022 23:08
  • 15k+

 18-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyklar bilen tanyşmak maksadynda, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumyna baryp, täze ýylyň ilkinji günlerinde doglan täze taýy gördi.  

Bu ýerde türkmen Liderini atşynas Orazmyrat Annalyýew garşylady. Söhbetdeşlikde döwlet Baştutany onuň hal-ýagdaýy, alyp barýan işleri hem-de atlaryň nesil ugurlary bilen gyzyklandy. Atşynas täze taýçanaga at dakyp bermegi haýyş edeninde, türkmen Lideri 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýändigini göz öňünde tutup, taýa Zaman diýip at goýdy we käbesi Oglabat ejäniň alajasyny dakdy.  
Döwlet Baştutany täze ýylyň ilkinji günlerinde täze taýyň dünýä inmeginiň buşluk getirendigini aýdyp, milli seýisçilik sungatyny ösdürmäge, atlaryň tohum arassalygyny saklamaga mundan beýläk-de üns beriljekdigini nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Zaman atly täze doglan taýçanak Gözbaş we Keýkilhan atly atlaryň neslinden bolup, meşhur Pereňiň ugruna degişlidir.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......