Türkmenistanda ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi

  • 15.01.2022 10:28
  • 7.4k+

Hökümetiň 14-nji ýanwardaky mejlisinde türkmen Lideri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Onda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ulag ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine gönükdirilen strategik ähmiýetli möhüm çäreler göz öňünde tutulýar.

Maksatnamada ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň we sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň federasiýasy, Halkara howa ulaglary assosiasiýasy, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy, Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara deňiz guramasy we beýleki halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa” (TRACEKA) halkara ulag geçelgesi Hökümetara komissiýa goşulmak boýunça işleri geçirmek hem-de multimodal gatnawlary — Ählumumy Üstaşyr Resminamany ösdürmekde köpugurly sanly çözgüdi ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek wezipeleri kesgitlenildi. Bular barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň hasabatynda aýdyldy.


düýn 16:59
2k+

Türkmenistan San-Tome we Prinsipi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan resmi taýdan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Teswirnamana gol çekmek dabarasy 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi...

düýn 16:51
955

Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýanyň ilçisi işe başlady

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi...

düýn 16:39
1k+

Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen...

düýn 16:28
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanynyň hatynda belleýşi ýaly, Gazagystan garaşsyz ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işler bitirdi...