KAMAZ 2022-nji ýylda 8 müňden gowrak K5 nesliniň awtoulagyny öndürer

KAMAZ 2022-nji ýylda 8 müňden gowrak K5 nesliniň awtoulagyny öndürer

Kama awtoulag zawody 2022-nji ýyldaky önümçilik meýilnamalaryny mälim etdi. Awtoulag öndürijisi eýýäm şu aý täze K5 nesliniň 332 ýük awtoulagyny ýygnamagy maksat edinýär. Bu barada carsweek.ru habar berýär.

2022-nji ýylyň ahyryna çenli KamAZ bu täze awtoulaglaryň 8 müňden gowragyny ýygnamak isleýär. Bu barada ýakynda kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS maglumat berdi.

Täze ýylyň ilkinji aýynda KAMAZ 332-si K5 nesline degişli bolan 3,2 müňden gowrak ýük awtoulagyny öndürmek isleýär. Şeýle hem kompaniýa iň soňky ýük awtoulaglaryna bolan islegiň barha artýandygyny nygtaýar. Kompaniýanyň K5 nesliniň awtoulag önümçiligini ýylyň ahyryna çenli 8 müňden ýokary derejä çykarmak islegi hem şunuň bilen düşündirilýär.