KAMAZ bir gezek doldurylan ýangyçda 500 km geçýän ilkinji wodorod awtoulagyny hödürledi

  • 29.10.2024 21:33
  • 12k+

“KAMAZ” kompaniýasy AFK-nyň “Sistema” kompaniýasy bilen bilelikde täze “Chistogor” wodorod awtoulagyny hödürledi. Ulagyň tanyşdyrylyşy Moskwada wodorod energiýasy boýunça halkara konferensiýanyň çäginde geçirildi diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.

Ekologiýa taýdan arassa täze model bir gezek doldurylan ýangyç bilen 500 kilometr geçmäge we 20 tonnadan gowrak ýüki äkitmäge ukyplydyr.
Ýük awtoulagynyň güýç gurluşy Kanadanyň ýangyç generatoryna esaslanýan AFK-nyň “Sistema” wodorod tehnologiýalary merkezi tarapyndan işlenip düzüldi. Häzirki wagtda bu model wodorody saklamak üçin import ballonlary ulanýar, ýöne geljekde olary rus analoglary bilen çalyşmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem, 2025-nji ýyldan başlap Russiýada ýangyç elementlerini hem öndürmek isleýärler.

“Wodorod tehnologiýalarynyň geljegi aýdyň. Biz ýük maşyn gurluşygy pudagynda wodorod tehnologiýalaryny ulanmak we ösdürmek işinde öňdäki hatarda bolmalydyrys " - diýip, “KAMAZ”-yň KPJ-nyň baş müdiri Sergeý Kogogin belledi.

Ýük awtoulagyny synag meýdançasynda synagdan geçirmeklik ýylyň ahyryna çenli tamamlanar, şondan soň täze modelleriň önümçiligi, hakyky şertlerdäki synaglar we sertifikatlaşdyrmak başlar.


06.02.2022 12:33
23k+

“KAMAZ-yň” ilkinji krossoweri “Linkor” nähili bolar

Naavtotrasse portaly “KAMAZ” kompaniýasynyň “Linkor” atly ilkinji krossoweri barada uly habar neşir etdi.  Kompaniýa arzan bahaly krossowerler kategoriýasynyň meşhurlyk gazanmagy dowam etdirýändigi sebäpli, bu...

13.01.2022 16:13
14k+

KAMAZ 2022-nji ýylda 8 müňden gowrak K5 nesliniň awtoulagyny öndürer

Kama awtoulag zawody 2022-nji ýyldaky önümçilik meýilnamalaryny mälim etdi. Awtoulag öndürijisi eýýäm şu aý täze K5 nesliniň 332 ýük awtoulagyny ýygnamagy maksat edinýär. Bu barada carsweek.ru habar berýär. 2022...

şu gün 07:23
290

Nissan 2026-njy ýylyň täzelenen X-Trail krossowerini hödürledi

Nissan kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin X-Trail krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobil daşky görnüşinde ujypsyzja üýtgeşmelere, täze programma üpjünçiligine we sürüji üçin kämilleşdirilen kömekçi ulgamlaryna eýe boldy...

düýn 21:25
2.3k+

Jeep Wrangler berklik synaglarynda agdarylmagyny bes etdi

Jeep kompaniýasy 2026-njy ýylyň modelleri bolan Wrangler we Gladiator wnedorožnik awtoulaglaryny döwrebaplaşdyryp, agdarylmak meselesini aradan aýyrdy. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) habar bermegine görä, bu mesele ençeme ýyllaryň dowamynda kraş-testlerde (berklik synaglarynda) bu modellere böwet bolup gelýärdi...