“KAMAZ-yň” ilkinji krossoweri “Linkor” nähili bolar

  • 06.02.2022 12:33
  • 23k+

Naavtotrasse portaly “KAMAZ” kompaniýasynyň “Linkor” atly ilkinji krossoweri barada uly habar neşir etdi. 

Kompaniýa arzan bahaly krossowerler kategoriýasynyň meşhurlyk gazanmagy dowam etdirýändigi sebäpli, bu bazara çykmak kararyna geldi. “KAMAZ Linkor” modelini döretmekde hyzmatdaş eýýäm birnäçe wagtdan bäri krossowerleri çykarýan Hytaýyň BAIC awtomobil öndürijisi bolup biler.

BAIC hatarynda “KAMAZ Linkor” üçin prototip bolup biljek Beijing X7 modeli bar. Hytaýda bu awtomobil, takmynan, 1,37 mln rubla düşýär. “KAMAZ Linkoryň” hem şol bir platforma eýe bolmagyna we käbir dizaýn elementlerini göçürip almagyna garaşylýar. 

Daşky görnüşi boýunça Beijing X7 we “KAMAZ Linkor” meňzeş bolar, ýöne täze krossoweriň salony Mercedes-Benz modellerini ýada salar. “KAMAZ-yň” ilkinji krossoweriniň interýerinde öň panelde diagonaly 10,25 ýa-da 12,3 dýuým bolan ekranlary birleşdirýän goşa displeý peýda bolar. Şeýle-de, howa gözegçilik ulgamyny dolandyrmak üçin üçünji ekran bolar. Esasy toplumlarda enjamlaşdyrma ýönekeý bolar.

“KAMAZ Linkor” 275 Nm güýç pursaty bilen kuwwaty 188 at güýji bolan 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisine eýe bolmaly. Ol 7-derejeli awtomatik herekete geçiriji guty ýa-da 6-derejeli mehaniki herekete geçiriji guty bilen işlär. Bu krossower hem hytaý krossoweri ýaly öňdäki MakFerson diregine we yzky köp ryçagly asgyja esaslanar. 


29.10.2024 21:33
12k+

KAMAZ bir gezek doldurylan ýangyçda 500 km geçýän ilkinji wodorod awtoulagyny hödürledi

“KAMAZ” kompaniýasy AFK-nyň “Sistema” kompaniýasy bilen bilelikde täze “Chistogor” wodorod awtoulagyny hödürledi. Ulagyň tanyşdyrylyşy Moskwada wodorod energiýasy boýunça halkara konferensiýanyň çäginde geçirildi...

13.01.2022 16:13
14k+

KAMAZ 2022-nji ýylda 8 müňden gowrak K5 nesliniň awtoulagyny öndürer

Kama awtoulag zawody 2022-nji ýyldaky önümçilik meýilnamalaryny mälim etdi. Awtoulag öndürijisi eýýäm şu aý täze K5 nesliniň 332 ýük awtoulagyny ýygnamagy maksat edinýär. Bu barada carsweek.ru habar berýär. 2022...

düýn 20:53
1.9k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

düýn 17:35
2.7k+

Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi....