Alymlar «omikronyň» näderejede howpludygyny anykladylar

Alymlar «omikronyň» näderejede howpludygyny anykladylar

Koronawirusyň «omikron» ştammy COVID-19-yň beýleki ştammlary bilen deňeşdirilende, öýkene has az zyýan ýetirýärler. Waşington uniwersitetiniň, Medisondaky Wiskonsin uniwersitetiniň we Tokio uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň amerikaly we ýaponiýaly alymlary şeýle netijä geldiler. Barlagyň netijeleri Research Square žurnalynda neşir edildi.

«Omikron» keseliň o diýen agyr bolmadyk görnüşine getirýär diýip alymlar hasaplaýar.
Alymlar bu netijäni syçanlarda we alakalarda geçirilen tejribelerden aldylar.
«Omikron» bilen kesellän haýwanlar kesel wagtynda has ýeňil alamatlary başdan geçirdiler we agram ýitirmek meselesine seýrek duçar boldular.
Terapewtiki immunologiýanyň we ýokanç keselleriň Kembrij institutynyň alymlary hem öň «omikron» ştammynyň «delta» ýa-da koronawirusyň beýleki görnüşleri ýaly howply däldigini beýan edipdiler.