Apple kompaniýasy täze iPhone smartfonyny önümçilige goýberýär

  • 22.12.2021 16:00
  • 14k+

Apple kompaniýasy ýakyn wagtda üçünji nesil iPhone SE smartfonynyň önümçiligine başlar. Bu barada ITHome portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Smartfonyň anonsy 2022-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilýär.

iPhone SE 3 smartfony 4,7 dýuýmlyk IPS displeýi we öňki modele meňzeş fiziki Touch ID barmak yzy bolan “Öýe” düwmesi bilen üpjün edilendir. Elýeterli iPhone-da diňe 12 Mp esasy kamera saklanyp galar. Smartfon 3 GB operatiw ýada eýe bolup, iPhone 13 hataryndan belli bolan Apple A15 Bionic flagman çipsetiniň esasynda işlär.
Üçünji nesil iPhone SE smartfonynyň 2020-nji ýylyň modelinden esasy aýratynlygy 5G ulgamyny götermegi bolar. Analitikler iPhone SE-niň bahasynyň öňki wersiýa garanyňda üýtgemejekdigini çaklaýarlar. 


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...