Apple kompaniýasy täze iPhone smartfonyny önümçilige goýberýär

  • 22.12.2021 16:00
  • 14k+

Apple kompaniýasy ýakyn wagtda üçünji nesil iPhone SE smartfonynyň önümçiligine başlar. Bu barada ITHome portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Smartfonyň anonsy 2022-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilýär.

iPhone SE 3 smartfony 4,7 dýuýmlyk IPS displeýi we öňki modele meňzeş fiziki Touch ID barmak yzy bolan “Öýe” düwmesi bilen üpjün edilendir. Elýeterli iPhone-da diňe 12 Mp esasy kamera saklanyp galar. Smartfon 3 GB operatiw ýada eýe bolup, iPhone 13 hataryndan belli bolan Apple A15 Bionic flagman çipsetiniň esasynda işlär.
Üçünji nesil iPhone SE smartfonynyň 2020-nji ýylyň modelinden esasy aýratynlygy 5G ulgamyny götermegi bolar. Analitikler iPhone SE-niň bahasynyň öňki wersiýa garanyňda üýtgemejekdigini çaklaýarlar. 


08.02.2026 21:23
4k+

Alyp satarlar sebäpli bolmagy ahmal: Ýaponiýada iPhone 17 indi diňe onlaýn satylýar

​Apple kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda iPhone 17 smartfonlar hatarynyň satuw modelini üýtgetdi. 2026-njy ýylyň 6-njy fewralyndan başlap, Ýaponiýadaky resmi Apple Store dükanlary iPhone 17, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modelleriniň göni satuwyny bes etdi...

07.02.2026 14:13
1.9k+

NASA astronawtlara kosmosa uçanda ýany bilen iPhone almaga rugsat berdi

NASA kosmosa we Aýa uçjak astronawtlaryna taryhda ilkinji gezek resmi taýdan ýany bilen smartfon almaga rugsat berdi. Gürrüň iPhone barada gidýär: NASA-nyň ýolbaşçysy (we milliarder-astronawt) Jared Aýzekmanyň habar bermegine görä, hut şu smartfonlar orbital we kosmos şertlerinde işlemek üçin ilkinji etapda sertifikasiýadan geçdi...

01.02.2026 12:21
1.8k+

Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar

Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar...

01.02.2026 12:03
1.7k+

Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär

Apple kompaniýasy täze ulanyjylaryň adaty bir aýyň ýerine üç aýlap «Apple Music» ulgamyna mugt girmegine mümkinçilik berýän aksiýany yglan etdi. Bu başlangyç, Apple-iň resmi hemaýatçy hökmünde çykyş edýän «Superboul» sport we şou dabarasyna bagyşlanýar...