Andreý Rublýow Abu-Dabide geçirilen görkezme ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 21.12.2021 20:19
  • 3.1k+

Abu-Dabide geçirilen görkezme ýaryşynda russiýaly tennisçi Andreý Rublýow ýeňiji boldy.

Bir ýarym sagada çeken final duşuşygynda rus tennisçisi şotlandiýaly Endi Mýurreýi ýeňdi. Hasap 6:4, 7:6 (7:2) boldy.
Dünýä reýtinginde bäşinji orny eýeleýän Rublýow ýarym finalda Kanadanyň wekili Denis Şapowalowy 7:6 (7:5), 3:6, 6:4 hasabynda ýeňdi. Üçünji ýer ugrundaky oýunda Şapowalow 6:7 (4:7), 6:3, 10:6 hasabynda ispaniýaly Rafael Nadaldan üstün çykdy.
2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu ýaryşa alty sany erkek tennisçi we iki sany zenan tennisçi gatnaşdy. Rublýow bu ýaryşda ýeňiji bolan ilkinji russiýaly tennisçi boldy.


şu gün 11:31
1.9k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......