Plastikleri iýýän uniwersal bakteriýalaryň täze görnüşi tapyldy

  • 18.12.2021 23:24
  • 13k+

Şwesiýanyň Çalmers tehnologiýalar uniwersitetiniň biolog alymlary bakteriýalaryň täze görnüşini tapdylar. Olaryň tapawutly aýratynlygy - gury ýerde-de, suw astynda-da plastikleri dargatmaga ukyplylygy. Bu barada Microbial Ecology žurnalyna salgylanyp, msn.com habar berdi.

Bu bakteriýalaryň ewolýusiýa ukyplydygy we örän köp taraplydygy habar berilýär. Olar dürli görnüşli zibilleriň astynda emele gelip, plastikleriň köp görnüşini dargadyp bilýärler. Şol bir wagtyň özünde, alymlar bu täze görnüşiň plastiki hapalanmanyň derejesine görä üýtgeýändigini bellediler. Biologlar eýýäm kesgitli bir polimeri dargatmaga doly ukyply mikroblar toparyny döretmek meýilnamalary barada mälim etdiler.
Mundan ozal hünärmenleriň plastikleriň ummanda täze ekosistemany döredýändigini ýüze çykardylar. Deňiz jandarlaryndan başlap, ony iýýän bakteriýalara çenli birnäçe organizmler plastikleriň arasynda öý tutunyp başladylar diýip, çeşme habar berýär.


düýn 23:18
448

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

11.05.2026 23:19
4.2k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.5k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......