Telegram 2021-nji ýylda iň çalt ösýän mobil programma boldy

  • 17.12.2021 08:46
  • 3.1k+

Telegram messenjeri 2021-nji ýylda iň çalt ösýän mobil programma boldy. Bu barada kompaniýany esaslandyryjy Pawel Durowyň sözlerine salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Pawel Durow Telegram boýunça 2021-nji ýylyň jemlerini jemledi. Netijede, ol programmanyň üstünlikli görkezijileriniň bardygyny belledi. Durowyň pikiriçe, Telegram 2021-nji ýylda iň çalt ösýän mobil programma boldy, ýagny messenjer Appannie platformasy tarapyndan düzülen Top Breakout Chart reýtinginde birinji orny eýeledi. Munuň özi Telegram-da işjeň ulanyjylaryň sanynyň dünýäniň beýleki mobil programmalaryna garanyňda has çalt ösendigini aňladýar.

Durow 2021-nji ýylyň adamlaryň "açgöz korporasiýalaryň hormatsyz gatnaşygyndan" bizar bolup, gizlinlik hukuklary goragly bolan Telegrammy saýlan ýyly hökmünde ýatda galjakdygyny aýdýar. Şeýle hem ol messenjeriň ulanyjylar üçin has köp täzelikleri taýýarlandygyny sözüniň üstüne goşýar.

düýn 23:54
1k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
841

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....