2021-nji ýylyň iň abraýly adamlarynyň sanawy yglan edildi

  • 16.12.2021 08:37
  • 18044
2021-nji ýylyň iň abraýly adamlarynyň sanawy yglan edildi

YouGov kompaniýasy tarapyndan geçirilen pikir soralyşygyň netijesinde, 2021-nji ýylda dünýäniň iň abraýly 10 adamynyň sanawy kesgitlenildi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Geçen ýylda bolşy ýaly, ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama we onuň aýaly Mişel dünýäniň iň abraýly erkekleriniň we aýallarynyň sanawynda birinji orunda durýar.

Ilkinji onluga Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin, futbolçylar Kriştianu Ronaldu we Lionel Messi, aktýor Jeki Çan, SpaceX-iň esaslandyryjysy milliarder Ilon Mask, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi we Alibaba-nyň esaslandyryjysy Jek Ma, şeýle hem Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin girýär. Belläp geçsek, Putin şu ýyl üç basgançak ýokary galyp, dokuzynjy orna çykdy. ABŞ-nyň öňki we häzirki prezidentleri Donald Tramp we Jo Baýden, degişlilikde, 13-nji we 20-nji orny eýelediler.

Iň abraýly zenanlaryň sanawyna aktrisa Anjelina Joli, Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizelizaweta II, teleýaýlym alyp baryjysy Opra Winfreý, aktrisalar Skarlett Ýohansson, Emma Uotson, Priýanka Çopra, aýdymçy Teýlor Swift, Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel we hukuk goraýjy Malala Ýusufzaý girdi.


17.06.2023 12:47
16956

Walentina Tereşkowa Gagarin ordeniniň ilkinji eýesi boldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin dünýädäki ilkinji zenan kosmonawty — Walentina Tereşkowany Gagarin ordeni bilen sylaglamak baradaky permana gol çekdi. Baýrak döwlet Baştutany tarapyndan maý aýynyň ahyrynda...

20.04.2023 20:08
26087

Baýden 2022-nji ýyldaky girdejisi baradaky maglumatlary çap etdi

Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we aýaly Jill Baýden 2022-nji ýylda 579 müň dollardan gowrak girdeji gazandy, muňa sişenbe güni Ak tam tarapyndan çap edilen salgyt jarnamasy...

15.04.2023 10:25
16388

Ledi Gaga ABŞ-nyň Prezidentiň medeniýet komitetiniň egindeş başlygy wezipesine bellendi

Aýdymçy we aktrisa Ledi Gaga Jo Baýden tarapyndan medeniýet we sungat boýunça Prezident komitetiniň egindeş başlygy bellendi. Bu barada amerikan lideriniň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan beýanda aýdylýar...

01.02.2023 10:14
10186

ABŞ kowid zerarly girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini maýda ýatyrmagy meýilleşdirýär

ABŞ-da koronawirus sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaý hereketini 11-nji maýda ýatyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy aýtdy. "2020-nji ýylda ýurtda...