16-njy dekabr: türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?

16-njy dekabr: türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 16-njy dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0...-2° sowuk, gündizine +8...+10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm. Çyglylygy 50 — 70 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +12...+17°, kenarýaka etraplarynda +5...+10° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +8...+10°, basyşy 759 mm. Çyglylygy 50 — 70 %.
Awazada: howa +7...+9°, basyşy 766 mm. Çyglylygy 55 — 75 %.
Balkanabat şäherinde: howa +12...+14°, basyşy 765 mm. Çyglylygy 30 — 50 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +7...+12° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +10...+12°, basyşy 744 mm. Çyglylygy 45 — 65 %.
Tejen şäherinde: howa +8...+10°, basyşy 757 mm. Çyglylygy 50 — 70 %.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0...-5° sowuk, gündizine +5...+10° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +7...+9°, basyşy 754 mm. Çyglylygy 50 — 70 %.
Baýramaly şäherinde: howa +6...+8°, basyşy 753 mm. Çyglylygy 55 — 75 %.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1...-6° sowuk, gündizine +4...+9° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +5...+7°, basyşy 758 mm. Çyglylygy 65 — 85 %.
Kerki şäherinde: howa +7...+9°, basyşy 753 mm. Çyglylygy 60 — 80%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0...-5° sowuk, gündizine +3...+8° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +6...+8°, basyşy 766 mm. Çyglylygy 60 — 80 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +4...+6°, basyşy 768 mm. Çyglylygy 65 — 85 %.