Türkmenistanyň çäginde 9-njy dekabrda boljak howa maglumaty

Türkmenistanyň çäginde 9-njy dekabrda boljak howa maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 9-njy dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly, ümürli howanyň bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +17... +22°, kenarýaka etraplarynda +10... +15° maýyl bolar.
rkmenbaşy şäherindehowa +13... +15°, basyşy 752 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Awazada: howa +12... +14°, basyşy 760 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Balkanabat şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 761 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +14... +19° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 734 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Tejen şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +15... +20° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 745 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Baýramaly şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 744 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly,  ümürli howanyň bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +12... +17°, günorta etraplarynda +20° çenli maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 749 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Kerki şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +9... +14° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 758 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Köneürgenç şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 759 mm, çyglylygy 45 — 65%.