Hytaýlylar ulagy dolandyrmak üçin niýetlenen sagat çykararlar

  • 03.12.2021 00:58
  • 5.8k+

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi ýaňy-ýakynda çep tarapky yza bakýan aýnada smartfonlara we akylly sagatlara awtoulagy gulpdan açmaga mümkinçilik berýän NFC modulyny gurnap başlady. Häzirlikçe bu funksiýany diňe “Oppo Watch 2” sagady BYD ulaglarynda ulanyp biler. Bu barada Gizmochina salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Ýöne bu ýagdaý ýakyn wagtda üýtgäp biler. Awtoulag ägirdi hem tizara öz akylly sagadyny çykarar. Bu sagatlar "Akylly otlama", "akylly gulplama", penjireleri galdyrmak we düşürmek, şeýle hem yzky gapyny açmak ýaly funksiýalara eýe bolar. Sagatlar açaryň deregin tutup biler we üstesine has-da amatly bolar.
Sagatda BYD nyşanly we rezin gaýyşly tegelek çydamly siferblat bolar. Akylly sagat hökmünde onuň ädimleri sanamak, ýürek urşuna gözegçilik, uka gözegçiligi we ş.m. funksiýalar bilen hem üpjün edilmegi mümkin.
Täze önümleriň satuwynyň dekabr aýynda başlanmagyna garaşylýar.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

25.05.2026 16:22
2.6k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......