Indi ulag dyknyşyklarynyň üstünden uçubam geçip bolar. Hytaý 69,5 müň dollardan uçýan trisiklleri çykardy

  • 18.06.2025 10:21
  • 11k+

Hytaýyň elektrik skuterleri bilen tanalýan Kuickwheel tehnologiýa kompaniýasy bu gezek düýbünden täze ulagy – uçýan Skyrider X6 trisikl-amfibiýalaryny hödürledi. Täze önümiň görkezme uçuşy Pekinde geçirildi.

Uçmak üçin trisikl alty sany wint bilen enjamlaşdyryldy, olaryň hersi aýratyn egnine oturdyldy. Fýuzelýažy ugleplastikden we uçaryňky ýaly alýumin garyndysyndan ýasalýar. Sygymy 10,5 kilowat sagatlyk bolan batareýasy, takmynan, 20 minut uçuşy üpjün edýär. Howada hereketiniň iň ýokary tizligi sagatda 72 km-ä ýetýär. Batareýa hemişelik tokdan çalt zarýad alýar - energiýasyny doldurmak bir sagada golaý wagt alýar.
Skyrider X6 awtomatiki usulda uçup, öňünden kesgitlenen ugur boýunça hereket edip we gonup bilýär. Tejribeli uçarmanlar üçin el bilen dolandyryş tertibi hem göz öňünde tutulan. Howpsuzlygy üpjün etmek üçin, köp enjam ulgamlary dublirlenýär. Mundan başga-da, heläkçilik paraşýuty bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ýer režiminde Skyrider X6 yzky tigirleri hereketli trisikle öwrülýär. Bu tertipde ulagyň tizligi sagatda 70 km-ä ýetýär we takmynan 200 kilometri geçip bilýär.
Skyrider X6 üçin öňünden sargytlar Hytaýyň marketpleýsleriniň birinde eýýäm kabul edilip başlandy. Onuň bahasy 498 800 ýuana (takmynan 69,5 müň dollar) deňdir.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......