Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady

  • 02.07.2025 11:34
  • 12k+

Lexus kompaniýasy elektromobil önümçiligi boýunça Hytaýdaky ilkinji zawodynyň gurluşygyna başlady. Kärhana Şanhaý şäheriniň golaýynda ýerleşer we ilkinji awtoulaglar konweýerden 2027-nji ýylda çykyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär.

Lexus Tesla-dan soň Hytaýda ýerli hyzmatdaşsyz we dolulygyna özbaşdak zawod açýan ikinji daşary ýurtly awtoulag öndürijisi bolar. Şanhaý häkimiýeti bilen strategik ylalaşyga gol çekişmekden gurluşyk işleri başlanýança bary-ýogy iki aý geçdi. Neşiriň bellemegine görä, bu şeýle iri taslamalaryň iň çalt durmuşa geçirilenleriniň biridir. Şeýle-de bolsa, Tesla öz zawodyny has çalt gurupdy.
Lexus-yň täze zawody, takmynan, 1,13 mln kwadrat metr meýdany eýelär, Tesla-nyň gigafabrigi bolsa 860 müň kwadrat metr meýdany tutýar. Gurluşygy 2026-njy ýylyň awgustynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Şondan soň enjamlar ornaşdyrylyp, işe taýýar ediler.
Zawodyň ýyllyk kuwwaty 100 müň awtoulag bolar. Hytaý bazary üçin haýsy modelleriň ýygnaljakdygy entek mälim edilmedi.
Täze zawodyň ilkinji elektrikli awtoulagy hökmünde sekizinji nesil Lexus ES modeliniň çykarylmagy mümkin. Bu modeliň köpçülikleýin önümçilige çenli wersiýasy ozal Şanhaý awtosergisinde görkezilipdi we onuň hereketlendiriji toplumynda birnäçe elektrikli güýç ulgamy bardy.


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......