Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine gynanç bildirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy metbugat beýanatyny ýaýratdy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Kemerow oblastynyň «Listwýažnaýa» şahtasynda bolup geçen heläkçilikli ýagdaý sebäpli çuňňur gynanjyny bildirýändigi beýan edilýär.

«Şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan aradan çykanlaryň hossarlaryna we ýakynlaryna gynanç hem medet beriji sözlerimizi ýetirmegiňizi haýyş edýärin» — diýlip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine iberilen hatda aýdylýar.

Belläp geçsek, Rostehnadzoryň Sibir müdirligine 25-nji noýabrda irden Kemerow oblastynyň Belowsk şäher okrugynyň «Listwýažnaýa» kömür şahtasynda tüsseleme hem-de partlama barada habar gelip gowuşdy.
Raýat goranyş we halas ediş gullugynyň maglumatlaryna görä, tüsseleme 250 metr çuňlukda bolup geçdi.
Raýat goranyş we halas ediş gullugy anna gününe geçilýän gije 52 adamyň — 46 sany magdançynyň we 6 sany halas edijiniň aradan çykandygyny tassyklady. Emma biraz soňra halas edijileriň biri — Aleksandr Zakowrýaşin jany sag halda tapyldy.
Adam pidalarynyň sany boýunça bu heläkçilik rus şahtalarynda soňky 11 ýylyň içinde iň ulusy boldy. Ondan öň, 2010-njy ýylyň maýynda «Raspadskaýa» şahtasynda iki sany partlamanyň netijesinde 91 adam aradan çykypdy.