24-25-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyryp bolar

  • 24.03.2024 07:46
  • 33k+

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Podmoskowýede bolup geçen terrorçylykly hereket sebäpli ilçihanada hatyra kitabyny döretdi.

Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda (1941-nji köçe) 24-nji we 25-nji martda sagat 10:00-13:00 we 15:00-17:00 aralygynda hatyra kitabyna bolup geçen wakalar sebäpli duýgudaşlyk bildirmek isleýänler üçin ilçihananyň gapylary açyk bolar.
Şeýle hem duýgudaşlyk hatlaryny elektron poçtanyň üsti bilen hem ugradyp bolar: rusemb-ashkhabad@mid.ru


06.04.2026 14:33
11k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

29.03.2026 01:10
16k+

Dagystanda güýçli suw joşguny dowam edýär

Dagystanda dowam edýän çakdanaşa güýçli ýagyşlar uly göwrümli suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy hadysa zerarly 14 sany etrapda elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitiň paýtagty Mahaçkala şäherinde 60 müňden......

20.01.2026 14:13
17k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär...

05.01.2026 11:44
9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...