Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy

  • 26.11.2021 19:38
  • 7k+

«Germaniýada ýylyň awtoulagy» ýaryşynyň guramaçylary ýeňijini yglan etdiler. Ýaryşda mundan alty aý öň bazara çykan Hyundai Ioniq 5 elektrikli heçbegi ýeňiji boldy. Bu barada motor.ru habar berdi.

Baýragyň 20 awtoulag žurnalistinden ybarat bolan halkara eminler topary hem bäş sany aýratyn ugur boýunça iň gowy awtoulaglary saýladylar: "Compact Class", "Premium Class", "Luxury", "New Energy" and "Sports Car".

Başlangyç bahasy 25 müň ýewro çenli bolan awtoulaglary öz içine alýan Ýylyň ykjam awtoulagy ugrunda markanyň ýolbars kelleli täze nyşanyny alan ilkinji modeli - Peugeot 308 heçbegi ýeňiji boldy. Iň oňat premium awtoulagy (bahasy 25 müňden 50 müň ýewro çenli) diýlip, Koreýanyň elektrikli awtoulagy Kia EV6 saýlandy. Lýuks ugrunda ýeňiş "batareýaly" Audi e-tron GT awtoulagyna miýesser etdi. Täze energiýa ugry boýunça - Hyundai Ioniq 5,  Sport awtoulagy ugry boýunça bolsa Porsche 911 GT3 saýlandy.

Soňky dört ýylda German Car of the Year bäsleşiginde diňe elektrikli awtoulaglar ýeňiji boldy. 2021-nji ýylda Honda e sitikary, 2020-nji ýylda Porsche Taycan, 2019-njy ýylda bolsa Jaguar I-Pace krossoweri ýeňiji saýlanypdy.


şu gün 10:28
823

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.3k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......