Baýden 2024-nji ýylda ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýär

  • 24.11.2021 14:48
  • 6.2k+

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 2024-nji ýylda ikinji möhlete dalaş etmek isleýär. Bu barada Ak öýüň metbugat sekretary Jen Psaki žurnalistler üçin geçirilen brifingde aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Ondan Baýdeniň öz tarapdarlaryna 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny aýtmagy bilen bagly KHBS-de ozal peýda bolan habara teswir bermek soraldy. “Hawa, bu onuň niýeti” – diýip, Psaki tassyklady.

Öň, “The Washington Post” gazeti Baýdeniň we onuň töweregindäki wekilleriň 79 ýaşly amerikan lideriniň 2024-nji ýylda ikinji möhlete dalaş etjekdigine tarapdarlaryny ynandyrýandygyny habar berdi. Bu synanyşyk köp demokratlaryň Baýdeniň ýaşyny göz öňünde tutup (ses berişlige çenli ol 81 ýaşynda bolar), onuň indiki saýlawlara gatnaşmajakdygyny çak etmekleri bilen baglanyşykly alnyp barylýar. Başga bir tarap, meşhurlyk reýtinginiň pese düşmegi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Baýdeniň prezident wezipesindäki işini, pikir soraşmalara laýyklykda, ýurduň ýaşaýjylarynyň, takmynan, 40%-i goldaýar. 

Baýdeniň prezident wezipesi üçin göreşe gatnaşjakdygy baradaky kararyny Kongrese aralyk saýlawlardan soň resmi taýdan yglan etmegine garaşylýar. Saýlawlar 2022-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriler.


25.05.2026 15:17
6.1k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

22.05.2026 15:38
2.7k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

17.05.2026 15:44
9.3k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....