Xiaomi ikinji awtomobil kompaniýasyny esaslandyrdy

  • 22.11.2021 23:50
  • 6.2k+

Hytaýyň önümçilik ägirdi Xiaomi awtomobil bazaryna çykmagyň üstünde işleýär. Sentýabr aýynda Xiaomi Automobile Co hasaba alnandan soň, kompaniýa ikinji awtomobil kompaniýasyny hasaba aldy. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

18-nji noýabrda Xiaomi Automobile Technology Co döredildi, oňa Xiaomi-niň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji müdiri Leý Szýun ýolbaşçylyk edýär. Bu kompaniýanyň düzgünnama maýasy 1 mlrd ýuana (takmynan, 155 mln dollar) barabar. Bu kompaniýanyň iş sferasy elektrik ulag serişdeleriniň önümçiligini we degişli tehnologiýalaryň işlenip düzülmegini öz içine alýar. 

Xiaomi awtomobil çykarmak meýilnamasy barada şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda resmi taýdan yglan etdi. Munuň üçin akylly elektromobiller bilen iş salyşýan golçur kärhana döredildi. Başlangyç maýa goýum, takmynan, 1,5 mlrd dollar boldy, ýöne geljek 10 ýylda kompaniýa, takmynan, 10 mlrd dollar maýa goýar.

Leý Szýun Xiaomi-niň awtomobil döretmek üçin tejribesini we gatnaşyklaryny peýdalanjakdygyny aýtdy. Kompaniýanyň 17 mlrd dollar nagt ätiýaçlygy, şeýle-de 10 000 adamy öz içine alýan gözlegler we işläp düzme bölümi bar. Kompaniýa dünýädäki iň gowy akylly awtomobil ekosistemasyny döretmek üçin bu artykmaçlyklardan peýdalanmagy umyt edýär. 

Şu ýylyň oktýabr aýynda Xiaomi 453 adamdan ybarat awtomobil toparyny döredendigini habar berdi. Xiaomi 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda resmi taýdan ilkinji awtomobilini köpçülikleýin öndürip başlar.


26.05.2026 16:04
2.3k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.8k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......