Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty

Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty

Gidrometeorologlaryň çaklamagyna görä, gelýän hepdäniň birinji ýarymynda Türkmenistanyň çäginde maýyl howa bolar, emma penşenbeden başlap ýene-de howa ýene-de sowap başlar. Daşoguz welaýatyndan galan sebitlerde az-kem ýagyş ýagar. Ýurt boýunça ortaça gündizki maksimal temperatura +13,6 gradus bolar.

Aşgabat we Ahal welaýatynda duşenbe güni +16 gradus bolar. Çarşenbä çenli howa az-kemden +18 gradusa çenli maýlar. Sişenbe güni az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Penşenbe güni howanyň temperaturasy +10 gradusa düşüp, bu ýagdaýda şenbä çenli saklanar. Ýekşenbe güni +14 gradus bolar.

Balkan welaýatynda duşenbe güni +18 gradus bolar. Sişenbe güni +16 gradusa düşüp, çarşenbede ýene-de +18 gradusa galar. Penşenbe güni howanyň birden +13 gradusa düşüp, az-kem ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Şenbe gününe çenli howanyň temperaturasy +14 gradus bolup, ýekşenbe güni +17 gradusa çenli maýlar.

Daşoguz welaýatynda tutuş ýurdumyz boýunça iň sowuk howanyň bolmagyna garaşylýandygyna garamazdan, bu sebitde ýagyş ýagmaz. Duşenbeden çarşenbä çenli howanyň temperaturasy +14 gradus bolar. Penşenbe güni +7 gradusa çenli sowar. Anna gününden Ýekşenbä çenli +5 — +7 gradus aralygyndaky howa bolar.

Mary welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri +19 gradus bolar. Çarşenbede +16 gradus bolup, az-kem ýagyş ýagar. Anna gününden ýekşenbä çenli +13 gradus howa bolar.

Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri +19 gradus howa bolar. Çarşenbe güni +17 gradus bolup, az-kem ýagyş ýagar. Penşenbe güni +14, annadan ýekşenbä çenli +10 — +9 gradus howa bolar.