Rolls-Royce elektrikli uçary tizlik boýunça rekord goýdy

  • 21.11.2021 22:54
  • 9.3k+

Rolls-Royce özüniň Spirit of Innovation elektrikli uçarynyň täze synaglarynyň netijelerini çap etdi. Enjam sagatda 623 km tizlige ýetmegi başardy, bu bolsa modeli dünýädäki iň çalt elektrikli uçara öwürdi. Muny CNBC-e salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň wekilleri birbada üç sany rekord goýmak isleýändiklerini aýdypdylar: 3 kilometr aralykda sagatda 555,9 kilometr tizlige çenli bat almak, 15 kilometr aralykda sagatda 532,1 kilometr tizlige ýetmek we 202 sekuntda 3000 metr beýiklige çykmak.

Soňky maglumatlara görä, Spirit of Innovation 400 kilowatlyk elektrikli hereketlendiriji ulgamy bilen işleýär. Uçaryň tapawutly aýratynlygy onuň "aerokosmiki pudakda döredilen iň köp energiýa sygymly batareýa toplumy" bolup durýar.

Ýatlap geçsek, Rolls-Royce elektrikli uçarynyň ilkinji synag uçuşy ýakynda - 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda bolupdy. Şonda uçar 15 minutlap howada uçupdy.


03.07.2025 22:41
1.4k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasyny 500-nji gezek üstünlikli uçurdy

SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli geçirdi. Ýubileý uçuşy Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan amala aşyryldy. Raketa göterijisi Starlink hemralarynyň täze tapgyryny orbita çykardy...

21.06.2025 17:21
8.6k+

Hytaýyň magnitli otlusynyň nusgasy täze tizlik rekordyny goýdy

Hytaý magnit lewitasiýaly otlynyň (maglew) prototipiniň tizligini bary-ýogy ýedi sekuntda sagatda 650 kilometre ýetirdi. Bu üstünlik Hubeý prowinsiýasynda gurlan täze 1000 metrlik ýokary tizlikli synag ýolunda gazanyldy diýip, «CGTN» habar berýär...

14.06.2025 00:35
2.3k+

Ýewropada maglumat geçiriş tizliginde rekord goýuldy: 3500 km aralykdan 1,2 Tbit/sek

Ýewropaly alymlar rekord goýdy – CSC (Finlýandiýa), SURF (Niderlandlar) we Nokia konsorsiumy 3500 kilometr aralykdan maglumatlary 1,2 Tbit/sek tizlikde geçirmegi başardy. Bu üstünlik superkompýuterleriň işini tizleşdirer we maglumatlaryň kwant goragyny üpjün eder diýip, Interesting Engineering ýazýar...

03.06.2025 10:52
3.8k+

Ýaponlar sekuntda 1,02 petabit maglumat iberdi: bu 4K-da 10 000 film ýaly

Ýaponiýaly gözlegçiler maglumat ibermekde täze dünýä rekordyny goýdy – sekuntda 1,02 petabit. Muny häzirki internet ulgamlaryndaky ýaly bary-ýogy 0,125 mm ýogynlykdaky optiki-süýümli kabeliň kömegi bilen gazanmak başartdy...