Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň sebit edarasynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi

  • 16.11.2021 13:48
  • 7.6k+

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebitleýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan – BSGG hyzmatdaşlygynyň Ýol kartasynyň taslamasy boýunça pikir alşyldy.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bilelikdäki ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny ýygjamlaşdyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli guralmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynyň teklip edilmegi we ylalaşylmagy nukdaýnazaryndan, pudagara iş toparynyň möhüm guramaçylyk ähmiýeti bellenildi.

Sebitleýin direktor H.Klýugeniň Epidemiologiýa boýunça sebit merkeziniň taslamasynyň meýilleşdirilmeginde we ilerledilmeginde “Bitewi saglygy goraýyş” konsepsiýasyny ulanmak, şeýle-de milli saglygy goraýşyň başlangyç ulgamynyň işini kämilleşdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maglumat binýadyny we “sanly lukmançylygy” ösdürmek baradaky teklipleri babatda hem pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda ministr BSGG-niň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu saparynyň Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we onuň Ýewropa sebit edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


düýn 16:11
3.4k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....

20.04.2026 16:07
9.4k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......

20.04.2026 15:54
6.3k+

Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler......

16.04.2026 16:48
5k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......