105 ýaşly amerikaly türgen ylgaw boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 14.11.2021 17:22
  • 19k+

“Harasat” (Hurricane) lakamly amerikaly Juliýa Hokins öz ýaş toparynda 100 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada “USA Today” gazeti habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

105 ýaşly aýal bu aralygy 1 minut 2,95 sekuntda geçdi. Ýaryş 6-njy noýabrda Luiziana ştatynda geçirildi. “Sen näçe ulaldygyňça, şonça-da güýmenjäň köp bolmaly... Işjeň hereketde bolmak – bu meniň esasy hobbilerimiň biri” – diýip, türgen gazete gürrüň berdi.

Ylgaw ýaryşy Hokinsiň Ponçatauladaky çagalyk öýüniň golaýynda geçdi. Hokins şol ýerde orta mekdepde-de sapak beripdi. Garry gatnaşyjynyň öňki okuwçylarynyň käbiri ony goldamak üçin ýaryşa geldi. Hokins 2022-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek Fort-Loderdeýldäki Milli oýunlara gatnaşmaga çagyryldy. Ýöne “Harasat” heniz gutarnykly jogaby bermedi.

Hokins ylgaw boýunça ýaryşlara 100 ýaşynda gatnaşyp başlady. Ondan öň ol welosiped sürmek bilen meşgullandy.  Ol 2017-nji ýylda 100-104 ýaş toparynda dünýä rekordyny goýdy, şonda 100 metr aralygy 40,12 sekuntda geçdi. 2019-njy ýylda ol 100 metr aralygy 46,07 sekuntda geçdi. Türgeniň aýdyşy ýaly, ol her gün ylgamaýar, ýöne işjeň hereketde bolup, her gün bir mil aralygy (1,6 kilometr) geçmäge çalyşýar.


düýn 23:41
2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

26.06.2026 23:43
9.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....