105 ýaşly amerikaly türgen ylgaw boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 14.11.2021 17:22
  • 19k+

“Harasat” (Hurricane) lakamly amerikaly Juliýa Hokins öz ýaş toparynda 100 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada “USA Today” gazeti habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

105 ýaşly aýal bu aralygy 1 minut 2,95 sekuntda geçdi. Ýaryş 6-njy noýabrda Luiziana ştatynda geçirildi. “Sen näçe ulaldygyňça, şonça-da güýmenjäň köp bolmaly... Işjeň hereketde bolmak – bu meniň esasy hobbilerimiň biri” – diýip, türgen gazete gürrüň berdi.

Ylgaw ýaryşy Hokinsiň Ponçatauladaky çagalyk öýüniň golaýynda geçdi. Hokins şol ýerde orta mekdepde-de sapak beripdi. Garry gatnaşyjynyň öňki okuwçylarynyň käbiri ony goldamak üçin ýaryşa geldi. Hokins 2022-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek Fort-Loderdeýldäki Milli oýunlara gatnaşmaga çagyryldy. Ýöne “Harasat” heniz gutarnykly jogaby bermedi.

Hokins ylgaw boýunça ýaryşlara 100 ýaşynda gatnaşyp başlady. Ondan öň ol welosiped sürmek bilen meşgullandy.  Ol 2017-nji ýylda 100-104 ýaş toparynda dünýä rekordyny goýdy, şonda 100 metr aralygy 40,12 sekuntda geçdi. 2019-njy ýylda ol 100 metr aralygy 46,07 sekuntda geçdi. Türgeniň aýdyşy ýaly, ol her gün ylgamaýar, ýöne işjeň hereketde bolup, her gün bir mil aralygy (1,6 kilometr) geçmäge çalyşýar.


düýn 14:40
1.1k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.6k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

15.04.2026 16:27
6.6k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......