Ilon Mask Tesla-daky paýnamalarynyň bir bölegini satdy

  • 13.11.2021 08:48
  • 7.9k+

Tesla-nyň esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Mask kompaniýadaky paýnamalarynyň bir bölegini 1,1 mlrd dollardan gowrak baha satdy. Bu barada maliýe resminamalaryna salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berýär. Muny www.rbc.ru ýetirýär.

Satylan paýnamalaryň sany 930 000 boldy. “The Financial Times” gazetiniň maglumatlary boýunça, bu onda bar bolan Tesla paýnamalarynyň, takmynan, 0,5%-ine deňdir. Häzir onda 170 mln töweregi paýnama bar.

Teleýaýlymyň habar berşi ýaly, Mask paýnamalaryň bir bölegini salgyt borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin satdy. Öň, telekeçi Tesla-nyň paýnamalarynyň 10%-ini satmalymy ýa-da ýokdugy barada pikir soraşma geçiripdi. “Soňky wagtlar durmuşa geçirilmedik girdejileriň – salgyt tölemekden gaçmagyň serişdesidigi barada köp aýdylýar, şonuň üçin Tesla paýnamalarymyň 10%-ini satmagy teklip edýärin” – diýip, ol ýazdy.

Mask nagt aýlyk ýa-da bonus almaýandygyny, ähli baýlygynyň paýnamalar görnüşindedigini, şonuň üçin salgytlary tölemegiň ýeke-täk usulynyň paýnamalary satmakdygyny düşündirdi. Ol pikir soraşmanyň netijesini neşir etdi, oňa laýyklykda, soraga gatnaşanlaryň köpüsi (57,9%) telekeçiniň Tesla-nyň paýnamalarynyň 10%-ini satmagyny goldady. Twitterdäki pikir soraşmadan soň, biržada Tesla-nyň paýnamalary iki günüň içinde bahasyndan 200 dollardan gowragy ýitirdi, şol sebäpli Maskyň aktiwleriniň baha hasaby 50 mlrd dollar peseldi. 


16.11.2025 20:46
2.1k+

Mask ahyrsoňy Apple we OpenAI bilen bagly işi kazyýete berdi

Apple we OpenAI Ilon Maskyň kompaniýalarynyň (X Corp we xAI) antimonopoliýa arzasyny ýatyryp bilmediler. ABŞ-nyň okrug kazysy Mark Pitman (Mark Pittman) bu baradaky haýyşlary kanagatlandyrmady. Kazynyň bu karary X Corp we xAI kompaniýalaryna Apple we OpenAI-ny "bäsdeşlige garşy dilleşmekde" we bäsdeşler üçin päsgelçilik döretmekde aýyplaýan kazyýet işini dowam etmäge mümkinçilik berdi...

08.11.2025 00:55
5.8k+

Tesla-nyň paýdarlary Maska trillion dollar tölemäge razy boldy

Tesla-nyň paýdarlary kompaniýanyň egindeş esaslandyryjysy we baş direktory bolan Ilon Maska 1 trln dollar tölemegi makullady. Ses bermegiň netijeleri Tehasdaky ýyllyk gurultaýda yglan edildi diýip, The Guardian habar berýär...

22.10.2025 17:53
14k+

Ilon Mask 1 trln dollar tölemeseler, Tesla-dan gitjekdigini aýtdy

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask paýdarlar 1 trln dollar möçberde täze öwez bukjasyny tassyklamasa, kompaniýadan gitjekdigini ýaňzytdy. On ýyla niýetlenen täze töleg maksatnamasy üçin paýdarlar indiki aýyň başynda ses berer...

03.10.2025 17:01
8.4k+

Ilon Mask baýlygy ýarym trillion dollara ýeten ilkinji adam boldy

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda amerikaly işewür, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Forbes žurnalynyň hasaby boýunça baýlygy 500 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Milliarderler indeksiniň maglumatlaryna görä, milliarderiň baýlygy bu görkezijä Tesla-nyň paýnamalarynyň 4% ýokarlanmagy netijesinde ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 15:30-da (Aşgabat wagty bilen 00:30) ýetdi...