12-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde nähili howa garaşylýar?

12-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde nähili howa garaşylýar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 12-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 716 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarynda +5... +10° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 763 mm, çyglylygy 35 — 55%.
Awazada: howa +7... +9°, basyşy 771 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Balkanabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 770 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +9... +14° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 745 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Tejen şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 750 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +9... +14° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 749 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Baýramaly şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 748 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 752 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Kerki şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 748 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +4... +9° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 764 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Köneürgenç şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 659 mm, çyglylygy 50 — 70%.